DÜNÝÄ

Si Szinpin 5 ýyldan soňra Ýewropa sapara barýar

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 5-10-njy maý aralygynda Fransiýada, Serbiýada we Wengriýada saparda bolar. Bu barada ýurduň daşary syýasat edarasy habar berýär.

– Bu sapar Hytaýyň Baştutanynyň 5 ýyldan soňra Ýewropa ilkinji sapary bolar. Umuman, saparyň netijeleri Hytaý bilen Fransiýanyň, Serbiýanyň we Wengriýanyň, şeýle hem hytaý-ýewropa gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi çygyryndan örän uly ähmiýete eýe bolar – diýip, ýurduň daşary syýasat edarasynyň resmi wekili Lin Szýan habar berdi.

Si Szinpin Fransiýa saparynyň çäklerinde ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşar. ikitaraplaýyn, sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşar.

Serbiýada hem ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler. Wengriýa Merkezi we Gündogar Ýewropada Hytaýyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup, “Guşak we ýol” halkara hyzmatdaşlyk taslamasyny durmuşa geçirmekde hem esasy hyzmatda ýurtlarynyň biridir.

Related posts

Hindistanly raýat 31 ýurtdan 858 sany kagyz guty ýygnap, rekord goýdy

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Aýlag ýurtlary” konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy

Halk Maslahatynyň Başlygy Tatarystanyň ýokary sylagy bilen sylaglandy