DÜNÝÄ

Ärdogan Kasym-Žomart Tokaýewe “TOGG” kysymly elektroulagy sowgat berdi

Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) 10-njy Sammitiniň çäklerinde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Ikiçäk duşuşyklaryndan soňra Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti hormatyň nyşany hökmünde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe täze “TOGG” kysymly elektromobili sowgat berdi. Ärdogan gazak Liderine “TOGG” kysymly elektromobili görkezip, ony bilelikde münüp gördüler.

Gazagystanyň Prezidenti bu sowgat üçin türk kärdeşine minnetdarlyk bildirip, elektromobilleriň önümçiligini ýola goýmagy bilen gutlady.

Mälim bolşy ýaly, Prezident Ärdogan mundan ozal, “TOGG” kysymly elektromobili Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat berildi.

Şeýle hem Ärdogan bu ulaglardan Azerbaýjanyň Prezidentine we Özbegistanyň Prezidentine hem sowgat beripdi.

Ýene-de okaň

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň ösüş strategiýays ministri bilen duşuşdy

Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň Gyzyl kitabyny döretmegi teklip etdi

Bütindünýä banky Merkezi Aziýanyň taslamalaryna 1 milliard dollar maýa goýdy

Amyderýadan Aşgabada: Ýaş tebigatçylar üçin okuw maslahaty geçirildi