BIZNES

Türkmenistan gazdan benzin öndürmek boýunça dünýä nusgalyk taslamanyň ikinji tapgyryny işe girizer

Awazada geçirilen Türkmenistanyň senagat we energetika pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan halkara maslahatynyň çäklerinde Türkiýäniň iri gurluşyk kompaniýasy “Rönesans” kompaniýanyň ýolbaşçysy Erman ylyjak öz çykyşynda tebigy gazdan ýokary hilli benzin öndürýän zawodyň Ýaponiýanyň “Kawasaki” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilendigini, onuň ýyllyk kuwwatynyň 600 müň tonna bolandygyny hem-de dünýäde nusgalyk senagat taslamasy hökmünde ykrar edilendigini nygtady.

Taslamanyň ikinji tapgyry — strategik ähmiýetli başlangyç

Ýaponiýanyň maliýe goldawy bilen amala aşyrylan ilkinji tapgyryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda giňeldilen işleriň binýadyny goýdy. Häzirki wagtda “Rönesans” kompaniýasy Ýaponiýanyň öňdebaryjy “Kawasaki” we “Itochu” korporasiýalary bilen bilelikde taslamanyň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda işjeň işleri alyp barýar.

Bu taslama diňe bir Türkmenistanyň ýokary goşmaça bahaly önümleri eksport edýän döwlet hökmünde ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzyň senagat pudagyna öňdebaryjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup çykyş eder.

Türkmenistanyň senagat ösüşiniň täze tapgyry

“Gazdan benzin öndürmek” taslamasynyň dowam etdirilmegi — ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ugrunda amala aşyrylýan strategiýasynyň möhüm bölegidir.
Bu ugurda alnyp barylýan işler dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýar hem-de Türkmenistanyň energetika pudagynyň halkara derejesindäki abraýyny has-da ýokarlandyrýar.

Ýene-de okaň

Hytaý kompaniýalary Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge gyzyklanýar

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy köptaraply ösüşiň täze derejesine çykýar

Türkmen işewürleri Londonda iş saparynda bolarlar

Ministr: häzirki ýagdaýlar-täze energiýa ugurlaryny kemala getirmek üçin pursatdyr

Baýramalydaky dokma toplumynda ýüň ýüplügini öndürmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda oba hojalyk öndürijilerine maliýe goldawy berler