BIZNESJEMGYÝET

Aşgabat gününe bagyşlanan halkara sergi

Şu gün halkara hem-de döwlet sergileriniň geçirilýän ýeri bolan Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň giň sergi zalynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX  halkara köpugurly sergi öz işine başlady. Onda ýurdumyzyň ýerli telekeçileri bilen bir hatarda daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistandaky şahamçalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Turuwbaşdan dabaraly şowhuna beslenen halkara sergide soňky ýyllarda Aşgabat şäheriniň ýeten belent sepgitleri bilen tanyşmak bolýar. Halkara sergide kompaniýalar, işjeň kärhanalar özleriniň öndürýän önümlerini, ýerine ýetirýän işlerini ýaýbaňlandyrdylar.

Ýurdumyzyň baş şäheri diňe bir gurluşyk babatda däl, eýsem, beýleki ugurlarda hem okgunly ösüşlerini dowam edýär. Şol ösüşler hem-de paýtagtymyzy soňky ýyllarda ýeten belent sepgitleri Aşgabat şäheriniň güninde açylan «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX  halkara köpugurly sergide öz beýanyny tapdy. Bu giň möçberli sergi Türkmenistanda şähergurluşyk, binagärlik hem-de şäher düzümini döretmek ulgamynda gazanylan üstünlikleri, toplan iş tejribesini hem-de geljegini görkezdi.

 

Sergide görkezilen ýerli telekeçileriň ýokary hilli önümleri türkmen kärhanalarynyň daşary ýurt firmalary bilen deň şertde üstünlikli bäsleşýändigini görmek bolýar. Olaryň ýokary hilli, importuň ornuny tutýan önümleri barada sergide giňişleýin tanyşdyryldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen “Petronas” täze önümi paýlaşmak hakynda ähtnama gol çeker

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler

“Agro Pack Turkmenistan-2026” sergisi geçirilýär

«Gadamly» gury ýük gämisi Azerbaýjanda dabaraly garşylandy