2025-nji ýylyň 27-29-njy oktýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde 13 ýurtdan 22 şähere wekilçilik edýän 1200-den gowrak wekiliň gatnaşmagynda 1-nji Global şäher syýahatçylyk sammiti geçirildi.
Foruma gatnaşan Pusan şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, şeýle hem koreý we halkara syýahatçylyk guramalarynyň wekilleri syýahatçylyk, şäherara gatnaşyklar we bu ugurdaky işler babatda geljekki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Syýahatçylyk boýunça birinji ählumumy sammite gatnaşmak üçin Türkmenistandan Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Ýazgeldi Bekmyradowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet geldi.
Agzalan çäräniň dowamynda häkimleriň tegelek stoly, maslahata gatnaşýan şäherler bilen tanyşdyrylyş, durnukly syýahatçylyk, sanly innowasiýalar we medeni alyş-çalyş boýunça mowzuklaýyn mejlisler hem geçirildi.

