JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýada resmi saparda bolar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna amala aşyrjak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bu saparyň maksatnamasy barada habar berdi.

Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşygy geçiriler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň türkmen-italýan işewürler maslahatyna hem-de Rimiň Kapitoliý muzeýinde geçiriljek “Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy” atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Saparyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilmek meýilleşdirilýär.

TÜRKMENISTAN-ITALIÝA GATNAŞYKLARY BARADA…

  • Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy.
  • Şu güne çenli türkmen-italýan gatnaşyklarynyň hukuk binýady resminamalaryň 39-sy bilen berkidildi.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň noýabr aýynda, 2015-nji ýylyň maý aýynda Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi we iş saparylary hem-de Italiýanyň Premýer-ministriniň 2014-nji ýylyň noýabr aýynda ýurdumyza amala aşyran iş sapary möhüm wakalar bolup durýar.
  • Döwlet Baştutanymyzyň 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Italiýa Respublikasyna sapary amala aşyryldy.
  • Ýokary derejedäki duşuşyklar şu ýylyň maý aýynda “Merkezi Aziýa-Italiýa” birinji sammitiniň çäklerinde hem dowam etdirildi.
  • Ynsanperwer ugurda hem gatnaşyklar işjeň häsiýete eýedir. Italiýaly arheologlar 30 ýyldan gowrak wagtdan bäri türkmen kärdeşleri bile ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerinde bilelikde gazuw-agtaryş işlerini alyp barýar.
  • Medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-italýan iş topary hereket edýär.
  • Häzirki wagtda 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2026-njy ýylyň aprel aýyna çenli aralykda Rim şäherinde Türkmenistanyň arheologiýa sergisini geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.
  • Bilim ulgamynda hem gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 3-sinde we orta mekdepleriň 6-synda italýan dili öwredilýär.
  • 1998-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň we Italiýanyň ýokary okuw mekdepleri Ýewropa Bileleşiginiň “Tempus Erasmus” maksatnamalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýärler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana döwlet sapary tamamlandy

Türkmenistan-Özbegistan: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri serhetýaka söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: haryt dolanyşygy 2 milliarda ýetiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistanyň Prezidentleriniň ikiçäk duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri