IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Sakarçäge etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Sakarçäge etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem etrabyň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

Sakarçäge etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Sakarçäge etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminde sagat 10:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Sakarçäge şäheriniň Sakarçäge-Birleşik gara ýolunyň ugrundaky 6-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin: 800566 5-34-30

Related posts

Bäsleşik:Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça

«Çagalar dünýäsi» medeni-dynç alyş merkeziniň gurluşygy boýunça halkara bäsleşik

Bäsleşik:Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi