Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Duşuşygyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Tatarystanyň Baştutany iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.
Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Halk Maslahatynyň Başlygyny Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň 34 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümet Başlygy Mihail Mişustiniň Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Söhbetdeşler ýokary derejedäki özara gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz Rustam Minnihanowyň şu ýylyň awgustynda Türkmenistana amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy we Russiýa Federasiýasy bilen döwletara dialogyň çäklerinde Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly hem-de netijeli häsiýete eýedigine ünsi çekdi.
Nygtalyşy ýaly, türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparynyň alyp barýan işiniň möhüm orny bellenildi. Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym, bilim ulgamlarynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Iki ýurduň ylym, bilim, medeniýet işgärleri, wekiliýetleri Türkmenistanda hem-de Tatarystanda geçirilýän iri halkara çärelere işjeň gatnaşýarlar.
RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň iki halkyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki tagallalaryny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri pursatdan peýdalanyp, Rustam Minnihanowyň şu gezekki saparynyň türkmen-tatar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, iki doganlyk halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.