DÜNÝÄ

Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-türk gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna garadylar. Diplomatlar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara düzümleriň çäklerindäki iki ýurduň özara gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. Hususan-da, taraplar maddy däl medeni mirasy gorap saklamak we dünýä ýaýmak maksady bilen ÝUNESKO-nyň çäklerinde bilelikdäki işiň ähmiýetini bellediler.

Related posts

Baku şäherinde “Oguz türkmenleriniň geçmişi, şu güni we geljegi” atly halkara ylmy simpozium geçirildi

Türkmenistanyň we Somaliniň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Brýusselde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi