SIZDEN GELENLER

Döwletli maslahata barýarys

Toýly Diýarymyzda şanly senelerimiz goşa-goşadan gelýär. Ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de ýur­du­my­zyň baş baý­ra­my bo­lan mukaddes Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şanly to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da Halk Mas­la­ha­tynyň mejlisini ge­çir­mek in­di asyl­ly dä­be öw­rül­di. Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da bu ta­ry­hy mas­la­hat 19-njy sent­ýabr­da ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­ler.

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň mejlisi diňe bir döwlet derejesindäki resmi çäre däl, eýsem, halkyň ykbalyny, ýurduň geljegini bilelikde kesgitleýän beýik jemgyýetçilik wakasydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkyň kalbynyň sesi, türkmen jemgyýetiniň aňyrdan gelýän paýhasly däpleriniň döwrebap dowamydyr. Şol sebäpli hem bu mejlis diňe bir syýasy maksatly däl, eýsem, jemgyýetiň ruhy-ahlak taýdan sazlaşygyny üpjün edýän giň meýdança hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir.

Döwletli maslahatyň esasy maksady halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, asudalygyny berkitmek, giň jemgyýetçiligi döwlet ähmiýetli işlere çekmekdir. Şeýle çäreler diňe bir ykdysady ösüşlere däl, eýsem, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň, kanunçylyk ulgamynyň kämilleşmegine, döwlet edaralarynyň netijeliliginiň ýokarlanmagyna gönükdirilýär. Halk Maslahatynyň mejlisinde halkyň ýüregindäki arzuw-umytlar, döredijilikli teklipler we döwlet bilen jemgyýetiň öňünde duran uly maksatlar utgaşýar.

Biziň döwrümizde geçirilýän şeýle maslahatlaryň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halk bähbitli beýik işleri bardyr. Bu beýik işler türkmen döwletliligi baradaky beýik gözýetimler şeýle taryhy pursatlarda has-da aýdyň görünýär. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen çuň manyly pähim ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik durmuşynyň iň esasy ýörelgesine öwrülýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň demokratik ösüşleriniň, döwlet bilen halkyň agzybirliginiň we beýik geljege bolan ynamynyň beýik nyşany hökmünde taryhy ähmiýete eýedir. Şeýle maslahatlar ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, ata-babalarymyzyň paýhasly däpleriniň dowam etdirilmegine giň ýol açýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly döwlet hem-de halkara derejesindäki şanly wakalary, ajaýyp zähmet ýeňişleri bilen buýsandyryjy döwrümize şaýat bolup dowam edýär. Şanly ýylda halkymyzyň abadan durmuşyny has-da gowulandyrmak maksady bilen döwrebap ýaşaýyş jaýlary, ylym-bilim, terbiýeçilik, saglyk edaralary, önümçilik kärhanalary we beýleki düýpli gurluşygyň möhüm desgalary ulanylmaga berildi.

Her bir baýramçylygy zähmet sowgatlary bilen garşylamagy dessura öwren halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzy hem uly üstünlikler bilen garşylaýar. Bilşimiz ýaly, ýylyň ýylyna Garaşsyzlyk baýramçylygymyzyň öňüsyrasy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary derejede guramaçylykly geçirilýär. Halk Maslahatynyň çözgütleriniň ata-baba arzuwlanyp ýetilen beýik Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmakda esas bolup durýandygyny turuwbaşdan bellemelidir. Umumymilli mejlis eýelenen beýik sepgitleri seljermek, jemlemek bilen, öňde duran wezipeleri kesgitleýär we oňa badalga bermäge şert döredýär.

Aslynda, türkmen halky döwletli işiň, il-ulus bähbitli uly tutumyň başyna baranynda ony maslahat bilen, sylag-hormatly ýaşulularyň, durmuş tejribesi ýetik, köpi gören adamlaryň geňeşiniň çykaran karary, gelen netijesi bilen başlapdyr. Ata-babalarymyzyň «Ýedi ölçäp, bir kes», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» ýaly çuň paýhasa eýlenen dana pikirleri sala salnyp bitirilen işiň uly netijelere beslenýändiginiň aýdyň alamatydyr.

Türkmenistanda raýat jemgyýetini kämilleşdirmäge, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny gyşarnyksyz üpjün etmäge yzygiderli üns berilýär. Asyrlaryň dowamynda raýat jemgyýeti, ýagny il-ulsuň, ýurduň bähbitlerini ileri tutmak, asylly işlere işjeň gatnaşmak halkymyzyň esasy jemgyýetçilik ýörelgesi bolupdyr. Ata-babalarymyzyň durmuş däpleri raýdaşlyk, watançylyk, adalatlylyk we ynsanperwerlik duýgularynyň kemala gelmegi hem-de ösdürilmegi üçin ajaýyp şertleri döredipdir. Il-ýurt bähbitli möhüm meseleler boýunça çözgütleri kabul etmek üçin ýygnaklar, maslahatlar, geňeşler geçirilipdir. Gadymdan gelýän milli demokratik ýörelgelerimiz bu gün täze many-mazmuna eýe bolýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty merdana ata-babalarymyzdan gelýän asylly däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Halka daýanyp, halkymyzyň bähbidi üçin, nesilleriň röwşen geljegi ugrunda giň gerimli işleri üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Gözel Nuriýewa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5-nji ýyl talyby. 

Ýene-de okaň

OGT forumy – nebitgaz pudagynyň hyzmatdaşlyk meýdançasy

Nebitgaz toplumynyň batly gadamlary

Türkmenistan – Hytaý: netijeli özara gatnaşyklar berkidilýär

Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklary ösdürilýär

Beýik işler – halkyň bähbidine

Türkmenistanyň saglyk ulgamy we çaga saglygy