DÜNÝÄ

102 ýaşynda daga çykyp, Ginnesiň rekordyna eýe boldy

102 ýaşyndaky ýaoniýaly Fuji dagyna çykyp, Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy. Ol 3776 metrlik beýik dag gerşine çykmagy başardy.

Kokiçi Akuzawa 102 ýaşynda Ýaponiýanyň iň beýik hasaplanýan we 3,776 metre ýetýän Fuji dagynyň depesine çykdy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň web sahypasyndaky habara görä, bu üstünlik ýüz ýaşly adamyň beýik dag gerşine çykan iň garry adam boldy.

Ýaponiýanyň iň beýik dag gerişleriniň birine çykmak 102 ýaşly garry adam üçin ýeňil düşmedi. Ol bu dag gerşine Ýesida ugry boýunça çykdy. Bu ýol dag gerşine çykylýan iň aňsat ugurdyr. Adatça, bu ugur bilen daga 6 sagatda çykylýar.

102 ýaşly adam bu ýoly 3 günde geçip, şol döwürde dag gowaklarynda gijesini geçirdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýede birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

Türkmen wekiliýeti metan gazyny azaltmak boýunça maslahata gatnaşdy

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi