JEMGYÝET

“Türkmenistan-Özbegistan-Azerbaýjan” sammiti – täze bilelikdäki mümkinçiliklere tarap ýene bir ädim

Şu gün Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek geçirilýän «Türkmenistan-Özbegistan-Azerbaýjan» üçtaraplaýyn duşuşygy täze bilelikdäki mümkinçilikler üçin nobatdaky ädime öwrüler. Bu duşuşyk türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda geçirilýär.

Türkmenistanyň dulgegşir goňşusy Özbegistan hem-de Hazar deňzi boýunça serhetleşýän goňşusy Azerbaýjan bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ýokary derejelere çykaryldy. Hususan-da, ulag-aragatnaşyk, energetika, deňiz gatnawy we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Türkmenbaşydaky üçtaraplaýyn sammit bu mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak üçin zerur şertleri döretmegine garaşylýar.

Şu ýylyň 5–8-nji awgustynda Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadowyň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirilipdi. Onda özara peýdaly sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek we bilelikdäki taslamalary ilerletmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen energetika, ulag-logistika, senagat we oba hojalygy ugurlarynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri aýratyn bellenildi. Şonda taraplar bu görnüşdäki gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Soňky ýyllarda Özbegistan bilen Türkmenistanyň gatnaşyklary iki döwletiň ýolbaşçylarynyň syýasy erkiniň netijesinde täze, hil taýdan ýokary derejä çykdy. 2017-nji ýylyň 6-njy martynda go çekilen Strategik hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyk hem-de 2022-nji ýylyň 21-nji oktýabryndaky Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky Jarnama ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berk hukuk binýadyny emele getirýär.

Resmi saparlar we köptaraplaýyn duşuşyklar Merkezi Aziýa sebitinde uzak möhletleýin durnukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylygyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösüşine uly goşant goşdy.

Türkmenistan Özbegistanyň möhüm söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 464 million ABŞ dollaryna ýetdi. Özbegistan we Türkmenistan boýunça 240 sany bilelikdäki kärhana netijeli işleýär.

Iki ýurt sebitdäki iri energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge hem işjeň gatnaşýar. Ulag ulgamy hem gatnaşyklarynyň möhüm ugrudyr. Iki ýurduň awtomobil we demir ýol ulgamlary üçünji ýurtlar üçin möhüm üstaşyr ýoludyr.

Şeýle hem taryh, syýahatçylyk, medeniýet we däp-dessurlar özbek hem-de türkmen halklaryny baglanyşdyrýan umumy baýlykdyr. Bu ýakynlyk medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygyň berk binýadyny emele getirýär.

Türkmenistan bilen Azerbaýjan hem ynamdar we ýakyn strategik hyzmatdaşydyr. Ýokary derejedäki yzygiderli saparlar we duşuşyklar ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösüşine güýç berýär.

Söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklarynyň giňelmegi, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlanmagy, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen önümçilik kooperasiýasynyň çuňlaşdyrylmagy, täze ulag geçelgeleriň döredilmegi we netijeli peýdalanylmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir.

Iki ýurduň ulag edaralarynyň derejesinde ýakyn gepleşikler alnyp barylýar, söwda-ykdysady gatnaşyklary we senagat kooperasiýasy berkidilýär.

Umuman, «Türkmenistan-Özbegistan-Azerbaýjan» görnüşindäki üçtaraplaýyn duşuşyk ilkinji nobatda Merkezi Aziýa bilen Günorta Kawkaz sebitleriniň has-da ýakynlaşmagyna, üç döwletiň köpugurly we özara peýdaly hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, halklaryň abadançylygynyň ýokarlanmagyna we täze bilelikdäki üstünlikleriň gazanylmagyna hyzmat eder.

Ýene-de okaň

Awazada taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: energetika we ulag hyzmatdaşlygy ösdüriler

Özbegistanyň Prezidentine köşekli arwana düýe sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Awazadaky taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: resminamalar toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Prezidentine ahalteke bedewini sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Özbegistan Türkmenistana we Azerbaýjana uglewodorod ýataklary özleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk teklip etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Ata Watan Eserleri