DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň meýilnamasyna gol çekildi

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda  resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen gepleşikler geçirildi. Bu barada Russiýanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Bu duşuşykda çykyş eden Sergeý Lawrow hyzmatdaşymyz we ýakyn dostumyz bolan Türkmenistan bilen dostlukly, ynamly gatnaşyklara ýokary baha berýändiklerini belledi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna seredildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekildi.

 

Related posts

Gyrgyz Respublikasy boýunça Bilelikdäki beýannama

Ata Watan Eserleri

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň mejlisi Gyrgyzystanda geçiriler

Trampyň bäsdeşi Baýden bolar

Dr.Döwran Orazgylyjov