BIZNES

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäginde Baku, Alýat we Türkmenbaşy portlarynyň has giňden ulanylmagyny işjeň öňe sürýärler. Bu barada Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Samir Şarifow Bakuda geçirilen “Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň köpugurly hyzmatdaşlygy: gazananlar we geljekki mümkinçilikler” atly simpoziumda eden çykyşynda belledi.

“Biziň dostlukly we doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyz taryhy gymmatlyklara esaslanýar. 9-njy iýunda diplomatik gatnaşyklarynyň 33 ýyllygyny belledik. Döwlet Baştutanlarynyň ýolbaşçylygynda gatnaşyklarymyz berkidilýär. Esasy gatnaşyklarymyz strategik hyzmatdaşlyk ylalaşygyna daýanýar. Hökümetara toparynyň mejlisleri hem gatnaşyklary ösdürmäge goşant goşýar,” – diýip. Samir Şarifow belläp geçdi.

Azerbaýjanyň wekili iki ýurduň arasynda guryýer serhediniň bolmandygyna garamazdan, Hazar deňziniň birleşdiriji faktor bolup durýandygyny belledi.

Related posts

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ykdysadyýetine 200 milliard dollar maýa goýuldy

Ýaşyldepe käninden ýedi aýda 82 müň tonna nebit çykaryldy