BIZNES

Ýaşyldepe käninden ýedi aýda 82 müň tonna nebit çykaryldy

Uglewodorod çig malyna baý bolan Balkan welaýatynyň känlerinde nebit işlerini alyp barýan «Ýaşyldepe» nebitgazçykaryş müdirliginiň hünärmenleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda ýokary görkezijileri gazanýarlar.

Şu ýylyň ýedi aýynda müdirligiň hünärmenleri öňdebaryjy enjamlary ulanmak arkaly ýerastyndan 82 müň 62 tonna «gara altyn» çykardylar.

Geçen döwürde önümçiligiň ösüş depginini artdyryp, nebitçilar häzirki wagtda zähmet görkezijilerini ýokarlandyrýarlar. Bu bolsa ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna mynasyp sowgat bolar.

“Xiaomi” kompaniýasyndan elektrik ulagy

 

Related posts

«Dizaýn — 2022» Aşgabat forumy we «Araçäksiz dizaýn» halkara sergisi öz işine başlady

«Hazar» türkmen-astrahan habarlar kitapçasynyň birinji sany

vepa

“Benetton” markasynyň taryhy