BIZNESSYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda antalýa baryp gördüler

Türkiýäniñ Syýahatçylygy mahabatlandyryş we özgerdiş Agentligi hem-de «Turkish Airlines» Awiakompaniýasy tarapyndan maý aýynda her ýyl millionlarça syýahatçynyň dynç alýan Türkiýäniň «Syýahatçylyk paýtagty» diýlip atlandyrylýan Antalýa şäherine tanyşlyk sapary guraldy. Bu sapara Türkmenistanyň 10 sany syýahatçylyk agentlikleriniň wekilleri gatnaşdy.

 

 

Deňiz, çäge we gün şygary bilen geçirilen maksatnama gatnaşyjylar ýokary ülňülere gabat gelýän şeŷle hem syŷahatçylyk pudagynda öňdebaryjy bolan 8 sany kaşaň myhmanhanalara baryp gördüler. Saparyň dowamynda syýahatçylyk agentlikleriniň wekilleri Antalýanyň täsin tagamlary we köp sanly syýahatçylyk ŷerleri, tebigaty, taryhy we medeni mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Şeýle hem maglumat alyşmak we hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksadyndan ugur alyp, Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri bilen işewür duşuşyklar geçirildi we Türkmen hünärmenlere ŷurduň syýahatçylyk pudagy barada maglumat berildi.

    

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisi geçiriler

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurta uçuşlary 3-nji terminaldan ýerine ýetiriler

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Azerbaýjan bilen Gazagystan bilelikdäki syýahatçylyk kompaniýasyny döretdi