BILIM

Ýapon gaznasy Halkara nebit we gaz uniwersitetine kitap sowgat etdi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroşi Sasaki bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Ilçi Hiroşi Sasaki uniwersitetiň ýolbaşçylaryna “Nippon” gaznasynyň Ýaponiýanyň ykdysadyýeti, medeniýeti we edebiýaty baradaky iňlis dilinde ýazylan tanyşdyryş kitaplaryň onlarçasyny dabaraly ýagdaýda sowgat hökmünde gowşurdy.

Ýaponiýa barada gyzykly maglumatlary özünde jemleýän bu kitaplar uniwersitetiň kitaphanasynda we okalga zalynda ýerleşdirildi. Uniwersitetiň rektory sowgat berlen kitaplar üçin hormatly Ilçä köp minnetdarlyk bildirip, talyplaryň bu kitaplary gyzyklanma bilen okajakdyklaryny belledi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Hiroşi Sasaki uniwersitetiň kitaphanasy we okalga zallary bilen ýakyndan tanyşdy. Soňra Ilçi uniwersitetiň Nebit we gaz fakultetinde ýerleşýän Geologiýa muzeýine we DRILL SIM-5000 buraw türgenleşik enjamly tejribehanasyna baryp gördi. Uniwersitet bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin Ilçi minnetdarlyk bildirdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde türk wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanda magistratura maksatnamalary boýunça täze ugurlaryň 6-sy açyldy

Türkmenistanda 1 müň 239 sany talyp orny artdyryldy

Türkmen ýaşlarynyň 67-nji Halkara matematika olimpiadasyndaky üstünlikleri

Türkmenistanda uniwersitetlere resminamalaryň kabul edilişini internet arkaly yzarlap bolýar

Dünýäniň iň owadan sözi belli boldy