BILIM

Kanadada daşary ýurtly talyplar üçin habar bar

Kanada daşary ýurtly talyplara wiza bermegiň düzgünlerini gözden geçirýär we bu ugurda degişli işleri geçirýär.

Migrasiýa ministri Mark Miller federal we prowinsiýa derejesindäki ýolbaşçylaryň daşary ýurtly talyplaryň arasynda zähmet bazarynyň islegini kanagatlandyrmak boýunça gepleşikler geçirýändigini belläp, Kanadanyň köp ýyllaryň dowamynda uniwersitetleri we kolležleri zähmete ukyply ýaşlary çekmek üçin ulanandygyny aýtdy.

Ýöne Mark Miller okuw wizasynyň Kanadada hemişelik ýaşamak ýa-da bu ýurduň raýatlygyny almak üçin kepillik hökmünde seredilmeli däldigini hem belläp geçdi.

– Şeýle kepillik hiç wagtda hem bolmaly däldir. Adamlar bu ýere okamaga gelýärler, soňra öz ýurduna dolanyp, öwrenen zatlaryny öz ýurduna siňdirmek mümkinçiligini almalydyr – diýip, belledi.

Kanada üstümizdäki ýylda halkara talyp wizalarynyň sanyny 437 müňden 300 müňe çenli azaltdy.

Ýene-de okaň

3000-den gowrak gazak talyby ABŞ-da bilim alýar

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ylmy maslahat geçirildi

Türkmenistan “THE Asia Universities Summit 2026” çäresine gatnaşýar

Aşgabatda Halkara hytaý dili güni bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet uniwersiteti Italiýanyň uniwersiteti bilen ylalaşyga gol çekişdi

Türkmenistanlylar üçin Ýaponiýada okamak mümkinçiligi