BILIM

Dalaşgär-2024: ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlary açyldy

Türkmenistanda täze okuw ýylyndan başlap, dürli ugurlar boýunça hünärmen zerurlygyny nazara alyp, birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr, hünärmen we magistr maksatnamalary boýunça täze hünär ugurlary açyldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Hususan-da,

  • S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde magistr maksatnamasy boýunça oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, zootehniýa;
  • Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hünärmen maksatnamasy boýunça pedagogika bilimi (hytaý dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty), pedagogika bilimi (pars dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty), bakalawr maksatnamasy boýunça ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa);
  • Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hünärmen maksatnamasy boýunça metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak, seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk;
  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda bakalawr maksatnamasy boýunça halkara söwda;
  • Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda bakalawr maksatnamasy boýunça uçuş apparatlarynyň we hereketlendirijileriň tehniki ulanylyşy, howa gämileriniň awiasiýa we radioelektron enjamlarynyň tehniki ulanylyşy;
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda magistr maksatnamasy boýunça halkara arbitraž we işewürlik hukugy;
  • Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolsa magistr maksatnamasy boýunça medeniýeti öwreniş ugurlary (hünärleri) açyldy.

 

 2024-nji ýylda jemi 15 müň 926 dalaşgäri talyplyga kabul etmek meýilleşdirilýär

Talyp-2024: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Talyp-2024: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Ýene-de okaň

3000-den gowrak gazak talyby ABŞ-da bilim alýar

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ylmy maslahat geçirildi

Türkmenistan “THE Asia Universities Summit 2026” çäresine gatnaşýar

Aşgabatda Halkara hytaý dili güni bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet uniwersiteti Italiýanyň uniwersiteti bilen ylalaşyga gol çekişdi

Türkmenistanlylar üçin Ýaponiýada okamak mümkinçiligi