PEÝDALY MASLAHAT

Aşgabatda № 72 “Awtokombinat – Awtomenzil” täze awtobus ugry işe girizildi

Aşgabatda № 72 “Awtokombinat – Awtomenzil” täze awtobus ugry işe başlady. Bu ugur Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň buýrugy boýunça Aşgabadyň “Türkmenawtoulaglary” ýolagçy awtoulag kärhanasy tarapyndan gurnaldy. Bu barada awtoulag.gov.tm saýtynda ýerleşdirilen.

Ugruň ýoly: Awtokombinatdan Gündogar köçesi bilen, Gurbansoltan – eje şaýolundan, Arçabil aýlaw ýolundan geçip, “Ak Tam” we “Altyn Asyr” bazarlarynyň ýany bilen, A.Nyýazow şaýolunyň ugrundaky Halkara awtowokzalyna çenli dowam edýär.

Täze ugruň işe girizilmegi Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin ulag elýeterliligini gowulandyrmaga, şäherde has amatly we netijeli hereket etmäge mümkinçilik bermäge gönükdirilendir.

Ýene-de okaň

Köneürgençde döwrebap bazar boýunça bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanda 5 etrabyň kazyýet edara binalary üçin bäsleşik yglan edildi

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýoly boýunça halkara bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanda 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň temmäki önümlerini ulanmagy üçin ene-atalara jerime salnar

Türkmenistanda möhleti tamamlanan sürüjilik şahadatnamasy üçin jerimeler artdyryldy

«Türkmenpoçta» kompaniýasynyň täze binasy üçin bäsleşik yglan edildi