PEÝDALY MASLAHAT

Nowruz ýaýlasyna awtobus gatnawlary guralar

Türkmenistanda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni giňden bellenilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Nowruz ýaýlasynda ýaýbaňlandyrylar.

Awtomobil ulag hyzmaty açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ilatyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli, medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, ýörite awtobus gatnawlary ýola goýulýar.

Habar berlişine görä, 21-22-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralary üçin 20-23-nji mart aralygynda 72-nji belgili Awtokombinat – Türkmeniň ak öýi – Awtokombinat şäherýaka ugry boýunça awtobus gatnawlary guralar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 61 49-34-95; 44-35-20.

Related posts

Adwokatlyk işi barada maglumat

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Şengen wizasyna ýüz tutýan raýatlaryň dykgatyna

Täze ýyl gijesi: awtobuslar 02:00, taksiler gije-gündiz hereket eder