DÜNÝÄ

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Gazagystanda täze Konstitusiýanyň taslamasy boýunça geçirilen ählihalk sala-salyşlygyň deslapky netijeleri mälim edildi.

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi sala-salyşlyk toparynyň berýän habaryna görä, ýurduň içinde we daşary ýurtlarda jemi 9 127 192 raýat ses bermäge gatnaşdy, bu bolsa saýlawçylaryň umumy sanynyň 73,12%-ine deňdir.

Toparyň maglumatlaryna görä, ses bermäge gatnaşanlaryň 7 954 667-si, ýagny 87,15%-i täze Konstitusiýanyň taslamasynyň kabul edilmegini goldady.

Şeýlelikde, sala-salyşlyga gatnaşmaga hukugy bolan raýatlaryň ýarysyndan gowragy ses bermäge gatnaşandygy sebäpli, sala-salyşlyk geçirilen diýlip hasaplanýar.

Ýurduň kanunçylygyna laýyklykda, Merkezi sala-salyşlyk topary ses bermegiň gutarnykly netijelerini ses berlen gününden başlap, ýedi günden giç bolmadyk möhletde jemlemelidir.

Related posts

FIFA Gazada 50 sany futbol stadionyny gurar

Mongoliýanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Türkmenbaşy şäherine geldi

Türkmenistan ÝHHG-niň ministrler geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşdy