DÜNÝÄ

ABŞ-nyň Prezidenti Baýden Saud Arabystanynda

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Palestina we Ysraýyl saparlaryndan soňra Saud Arabystanyna bardy.

Saud Arabystanynyň habar gullugy “SPA”-nyň habaryna görä, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Saud Arabystanyna amala aşyran saparynyň çäginde iki ýurduň energetika, maýa goýum, aragatnaşyk we saglyk ministrlikleri hem-de bu ugurlardaky degişli pudak edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatda birnäçe möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Iki ýurduň arasynda gol çekilen 18 ylalaşyk hem-de ähtnamalar Saud Arabystanynyň ýurdy 2030-njy ýyla çenli ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde geljegi uly bolan pudaklarda maýa goýumlary özleşdirmek maksady bilen gol çekildi.

Şol ylalaşyklaryň 13-si energetika pudagy bilen baglaşykly boldy. Şeýle hem ABŞ-nyň “Boeing” awiagurluşyk kompaniýasy, “Medtronik” lukmançylyk enjamlaryny öndürýän kompaniýasy. şeýle hem “Digital Diagnostics” programma üpjünçiligi kompaniýasy bilen şertnamalar baglaşyldy.

Mundan başga-da, Saud Arabystanyň Kosmos gullugy ABŞ-nyň NASA edarasy bilen hyzmatdaşlyk etmegi üçin hukuk binýady döredildi.

bulardan başga-da, Saud Arabystanynyň Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministrligi ABŞ-da ýerleşýän maglumat tehnologiýasy pudagyndaky öňdebaryjy kompaniýa bolan “IBM” we ABŞ-nyň Milli aragatnaşyk we maglumat dolandyryş gullugy (NTIA) bilen özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekdi.

Iki ýurduň arasynda arassa energetika we jemgyýetçilik saglygy, lukmançylyk ylymlary we gözleg ugurlary boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnamalar boýunça ylalaşyk gazanyldy.

 

Dünýädäki iň gowy awiakompaniýalary

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy

Mergen Kepbanow: Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklady