DÜNÝÄ

Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler Ministri Raşid Meredowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen bu Guramanyň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasy bilen baglanyşykly birnäçe halkara düzümler, hususan-da, Guramanyň Ýaşulular Geňeşi, Guramanyň Parlament Assambleýasy, Türki söwda-senagat edarasy, Türki medeniýetiniň we mirasynyň gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşan 2022-nji ýylyň noýabrynda Samarkantda we şu ýylyň martynda Ankarada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitleriniň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Related posts

Türkmenistan Owganystanda gepleşikler geçirýär

Ata Watan Eserleri

Russiýa Gazagystanyň üsti bilen Özbegistana gaz üpjünçiligini artdyrar

Türkmen-ysraýyl gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Leave a Comment