DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýa Sanduwa Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Ýurtlarymyzyň arasynda emele gelen gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň halklarymyzyň abadançylygyna oňyn täsirini ýetirjekdigine pugta ynanýaryn” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident hanym Maýa Sanduwa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Moldowa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Related posts

GDA-nyň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň senatory bilen duşuşdy

Şamuhammet Durdylyýewe täze wezipä berildi

Ata Watan Eserleri