DÜNÝÄ

Türkmenistan Türkiýe Respublikasyna täze Baş konsul belledi

2025-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Türkiýedäki (Stambul şäheri) täze bellenen Baş konsuly O. Jumanazarow Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Stambuldaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Aýşe Sözen Uluýer bilen tanyşdyryldy.

Geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meselelerine seredildi, sebit hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, türkmen diplomatlary netijeli dialog we ýokary derejeli hyzmatdaşlyk üçin türk tarapyna minnetdarlyk bildirdiler.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň wekilhanasynyň ýolbaşçysy öz gezeginde mundan beýläk-de konstruktiw hyzmatdaşlyga we ikitaraplaýyn taslamalary bilelikde durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Related posts

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Türkmenistan bilen ÝUNESKO Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellär

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň we ABŞ-nyň Prezidentleriniň taryhy duşuşygy