DÜNÝÄ

“Atletiko Madrid” topary Gazagystanda futbol akademiýasyny açýar

Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” topary Gazagystanda futbol akademiýasyny açýaar. Bu barada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen “Atletiko Madrid” toparynyň ýolbaşçysy Enrike Sereso bilen geçirilen gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Gazak Liderine dünýä meşhur ispan toparynyň futbol akademiýasynyň açylmagy baradaky taslama barada habar berildi.

Kasym-Žomart Tokaýew sportuň bu görnüşini Gazagystanda goldaýandygy we tejrbelerini paýlaşýandygy üçin ispan toparyna minnetdarlyk bildirip, Gazagystnda 40 müňe golaý çagalaryň futbol bilen gyzyklanýandygyny belledi.

Ispan toparynyň dünýäniň köp sanly ýurdunda futbol akademiýasy bar. Gazagystanyň Almaty oblastynyň Talgar şäherindäki “Akbulak” olimpiýa merkezinde dörediljek futbol akademiýasy tälimçileriň hünär derejesini artdyrmaga, ýaşlaryň dünýäniň iň gowy futbol ligalarynda oýnamagy üçin ähli mümkinçilikler dörediler.

Duşuşygyň barşynda Enrike Sereso Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe “Atletiko Madrid” toparynyň futbolçylarynyň goly çekilen futbol eşigini ýadygärlik sowgat hökmünde berildi.

“Atletiko Madrid” topary Ispaniýanyň iň meşhur toparlarynyň biri bolup, 1903-nji ýylyň 26-njy aprelinde döredildi. Bu toparyň düzüminde häzirki wagtda fransuz futbolçy Antuan Grizzman, dünýä çempiony argentin futbolçy Rodrigo de Pol, ispan futbolçy Alwaro Morato, Koke, ýaly köp sanly meşhur futbolçylar çykyş edýär.

Ýene-de okaň

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy