DÜNÝÄ

Özbegistanda nobatdan daşary prezident saýlawlary geçiriler

Şu ýylyň 9-njy iýulynda Özbegistan Respublikasynda nobatdan daşary prezident saýlawlary geçiriler. Bu barada Özbegistanyň Prezidenti degişli resminama gol çekdi.

– Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň tabşyrmagy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlaryny 2 aýyň dowamynda häzirki kanunçylyga laýyklykda geçiriler – diýlip bellenilýär.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Özbegistan Respublikasynda Konstitutsiýa üýtgetmeler we goşmaçalary girizmek barada sala-salyşlyk geçirilipdi. Öz­be­gis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi ba­ra­da­ky ka­nun tas­la­ma­sy­ny saý­law­çy­la­ryň 90,21% -i gol­daw ber­di.

Öz­be­gis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­ny üýt­get­me­le­ri gi­riz­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gyç­lar 2021-nji ýy­lyň ahy­ryn­da ýur­duň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew ta­ra­pyn­dan hö­dür­len­di.

Öz­be­gis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň re­je­le­nen gör­nü­şine laýyklykda, ýurduň Prezidentiniň ygtyýarlyk möhleti 5 ýyldan 7 ýyla çykaryldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar

Türkmenistanyň ilçihanalary welosipedli ýörişler gurnady

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Halkara zähmet maslahatyna gatnaşýar

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Buharestde welosiped ýörişi geçirildi

Hytaýyň ilçihanasy Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna 200 kitaby sowgat berdi