JEMGYÝET

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini sapar bilen Azerbaýjana gelmäge çagyrdy

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Bu hatda Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini sapar bilen Azerbaýjana gelmäge çagyrdy.

Bu hatda hususan-da şeýle diýilýär:

Ilkinji nobatda, Size iň mähirli salamymy beýan edýärin. Azerbaýjan bilen Türkmenistany gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Biz bu binýat esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklarymyzyň we strategik hyzmatdaşlygymyzyň ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris. Siziň öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasatyňyz netijesinde doganlyk Türkmenistanyň ösüşi hem-de halkara abraýynyň barha artmagy guwandyryjydyr.

Siziň bilen bolan duşuşyklarymyzy, söhbetdeşliklerimizi hemişe ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Ynanyşykly dialogymyzy dowam etdirmek, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmak maksady bilen, Sizi sapar bilen Azerbaýjana gelmäge çagyrýaryn. Bu saparyňyzyň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Iň ýakyn wagtda görüşmek umydy bilen, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işleriňizde üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar