DÜNÝÄ

Täjigistanda türkmen-täjik döredijilik duşuşygy geçirildi

Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dusti etrabynda ýerleşýan Magtymguly Pyragy adyndaky 8-nji orta mekdebinde türkmen-täjik dostlugyny berkitmäge bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi.

Çäre Täjigistanyň Ýazyjylar bileleşigi, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy, Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň ýolbaşçylygy we Täjik türkmenleriniň medeni jemgyýeti tarapyndan bilelikde guraldy. Çärä ýazyjylar, şahyrlar, žurnalistler, bilim we ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri, şeýle hem mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän bu mekdebiň, iki döwlet Baştutanlarynyň ýolbaşçylygynda ösýän Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky dostlugyň nyşanydygy bellenildi. Çykyşlarda parahatçylyk, ylalaşyklylyk we ynanyşmak düşünjelerini wagyz edýän, Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasynyň ynsanperwer we ähliumumy ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem, çäräniň çäginde türkmen halyçylyk sungatynyň gazananlaryny şöhlelendirýän nusgalary öz içine alýan türkmen we täjik halklarynyň çeper mirasyna bagyşlanan sergi guraldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi.

Çäräniň medeni bölegini milli türkmen tansy bolan küşdepdini ýerine ýetiren Täjik türkmenleriniň medeni jemgyýetiniň tans toparynyň çykyşy bezedi.

Ýene-de okaň

Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Türkmenistana geler

Awaza dünýä döwletleriniň wekiliýetleriniň gelmegi dowam edýär

Mongoliýanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Türkmenbaşy şäherine geldi

San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Awaza geldi

Malawi Respublikasynyň Wise-prezidenti Türkmenistana geldi

BMG-niň Awaza maslahaty: Raýat jemgyýetiniň forumy