DÜNÝÄ

Eýranyň Prezidenti Azerbaýjanda saparda bolar

27-nji aprelde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian Azerbaýjanda saparda bolar. Bu barada Eýranyň Söwda, senagat, dag magdany we oba hojalyk edarasynyň başlygynyň orunbasary Huseýn Pirmoazzen Hökümet we hususy pudagyň dialogy boýunça Geňeşiň mejlisinde habar berdi.

Onuň bellemegine görä, Prezidenti bu saparynyň çäklerinde onuň ýany bilen hususy pudagyň, parlamentara toparyň wekillerinden ybarat bolan 120 wekiliň Azerbaýjana gider. Şeýle hem wekiliýetiň düzüminde eýranyň demirgayzk-günbatar welaýatlarynyň 4-siniň gubernatorlary hem bolar.

Azerbaýjandaky gepleşiklerde ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary maslahatlaşylyp, hususy pudagyň wekilleriniň şondan soňky saparlary boýunça ylalaşylar.

Ozal, Eýranyň Azerbaýjandaky ilçihanasy Eýranyň Prezidentiniň aprel aýynda Azerbaýjana döwlet saparyny amala aşyrjakdygyny habar beripdi. Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, işewürler maslahaty geçirilip, onda ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary