DÜNÝÄ

Arkadag şäherinde 30 müň adama niýetlenen metjit gurulýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Hajy Arkadagymyzyň hepdäniň çarşenbe güni täze şäherde metjidiň gurulýan ýerine gelip, onuň şekil taslamalary bilen tanyşmagy paýhasly pederlerimiziň ýagşy dessurlarynyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň ýene bir güwäsi boldy. Türkmenistanyň müftüsi Ý.Hojagulyýew we Ahal welaýatynyň ymamy R.Gurbanmyradow Milli Liderimize täze metjitde alnyp barylýan işler barada maglumat berdiler.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda häzirki zaman binagärlik talaplaryna doly laýyk gelýän döwrebap metjitler gurlup ulanmaga berildi.

Arkadag şäherinde täze gurulýan metjidiň bezeg aýratynlyklaryna we onda ulanylýan serişdelere degişli maglumatlar beýan edildi. Bellenilişi ýaly, metjidiň içinde birbada 30 müň adam namaza durup biler ýaly mümkinçilik dörediler. Şol sanda bu ýerde birbada 5 müň zenana niýetlenen ýeriň göz öňünde tutulandygy aýdyldy.

Ýene-de okaň

ABŞ-da “six seven” (6–7) sözi ýaşlaryň arasynda trend boldy

Eýran bilen Türkmenistan Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy

Aşgabatda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak baradaky goşantlaryna jemgyýetçiligiň gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Prezidentlerine Lew Tolstoý baýragy gowşuryldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary

Täze ýyl baýramy mynasybetli göçme söwdalar geçirilýär

Ata Watan Eserleri