DÜNÝÄ

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň mejlisi Almatyda geçiriler

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi 11-nji aprelde Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriler. Oňa Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada ýurduň daşary syýasat edarasynyň resmi wekili Mariýa Zaharowa habar berdi.

– 11-nji aprelde Almaty şäherinde GDA-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 2025-nji ýyl üçin ilkinji duşuşygy geçiriler we oňa daşary işler ministri Sergeý Lawrow gatnaşar – diýip, Zaharowa belledi.

GDA-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary halkara we sebit gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşarlar, şeýle hem guramanyň çäginde şu ýylky özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary boýunça maslahatlaşmalar geçirerler.

Related posts

Türkiýäniň Prezidentiniň orunbasary “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly üçin makala ýazypdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Hytaýyň ýolbaşçylaryna iberen resmi çakylyklary gowşuryldy

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi