Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Milli Liderimiz Türkmenistanda Russiýa Federasiýasy bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini hem-de ýurdumyzyň dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini artdyrmaga çalyşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň häzirki wagtda, şeýle hem uzak möhletli geljekde bu işde möhüm orun eýelejekdigine berk ynam bildirildi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şunda özara gatnaşyklaryň täze formatlaryny döretmek we olaryň netijeli hereket etmegini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilen başlangyçlaryň ähmiýetine üns berildi. Ýurtlarymyz bu ugurdaky hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýarlar. Hususan-da, Walentina Matwiýenkonyň goldaw bermeginde ýola goýlan parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry — Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentarileriniň duşuşyklary barada gürrüň edildi. Şunuň bilen birlikde, “Merkezi Aziýa — Russiýa” zenanlar dialogynyň täze ösüşe eýe bolandygyna üns çekildi. Bu formatlaryň çäklerindäki ilkinji çäreler 2022-nji ýylyň maýynda geçirildi diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we parlamentarileriň nobatdaky duşuşygyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyny guramagy teklip etdi.