DÜNÝÄ

Gyrgyzystanyň energetika ministri Türkmenistana gelýär

Gyrgyz Respublikasynyň energetika ministri Taalaýbek Ibraýew Türkmenistanda iş saparynda bolar. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň energetika ministriniň orunbasary Nurlan Sadykow Žokorku Keneşiň ýangyç-energetika toplumy boýunça komitetiniň mejlisinde habar berdi.

– Siziň hem bilşiňiz ýaly, Gyrgyz Respublikasy her ýyl Türkmenistanda belli bir möçberde elektrik energiýasyny alýar. Ähli şertnamalary täzelemek maksady bilen energetika ministri Taalaýbek Ibraýew Türkmenistana gitdi. Şu ýyl üçin täze şertnama düzüler we ony hem hut ministriň özi gol çeker – diýip, gyrgyz wekili belledi.

Related posts

Özbegistan bilen Germaniýa täze bilelikdäki taslamalara badalga berdiler

Donald Tramp 80 ýaşady

Türkmenistan’da özel sektörün ekonomideki payı yüzde 62’e ulaştı

vepa