JEMGYÝET

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi iledeşlerimiz üçin Täze ýyl baýramy üçin sowgatlary taýýarlaýar. Iki sany gysga film “Aşyk men” hem-de “Bagt näme” atly filmler taýýarlanýar. Bu barada Oguz Han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň başlygynyň orunbasary Sahysalyh Baýramow aýtdy.

Ol “Miras” teleýaýlymynda taýýarlanyp, halk köpçüligine ýetirilýän “Kino sungaty” atly gepleşige gatnaşyp, şol gepleşikde türkmen kinoçylaryň ildeşlerimizi Täze ýylda begendirmek maksady bilen birnäçe filmleriň üstünde işländiklerini belledi.

Sahysalyh Baýramowyň bellemegine görä, Täze ýyl üçin “Aşyk men” hem-de “Bagt näme” atly filmler taýýarlanýar. Bu gysga hem-de uly göwrümli filmler ildeşlerimiziň Täze ýyl şatlygyna şatlyk goşar.

Türkmen kinematografçylarynyň döredijilik bukjasynda başga taslamalar hem az däl, şu günler olaryň üstünde köp işler alnyp barylýar. Geljek ýylda hem birnäçe filmleri döretmek maksat edinilýär.

Oguz Han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň başlygynyň orunbasary Sahysalyh Baýramow bular dogrusynda hem gürrüň berip, Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp, türkmen zenanlarynyň tyldaky edermenligini açyp görkezýän filmleriň taýýarlanjakdygyny belledi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda geçirilen maslahat Türkmenistanyň diplomatiýasynyň barha artýan ornuny tassyklady

Türkmen ýaşlary Rumyniýanyň uniwersitetlerine okuwa iberiler

Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara pul sowgatlary gowşurylar

Azerbaýjanyň Ilçihanasy Aşgabatda geçirilen “Diplomatiýa Güni” atly halkara sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Brýussele boljak saparyna taýýarlyk görülýär

Ata Watan Eserleri