DÜNÝÄ

Özbegistandan Amina Mahmudowa «Tatar gyzy – 2026» bäsleşiginde ýeňiji boldy

Özbegistandan Amina Mahmudowa «Tatar gyzy – 2026» atly halkara bäsleşiginde ýeňiji boldy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry Türkmenistanda, Türkmenbaşy şäherinde geçirildi. Täç ugrunda 12 gyz bäsleşdi. Bu barada Bütindünýä tatarlar kongresi habar berýär.

«Men iň uly minnetdarlygymy ene-atama bildirýärin. Meniň her bir ýeňşimiň aňyrsynda olaryň söýgüsi, terbiýesi we maňa bolan ynamy dur. Bu ýeňiş diňe bir maňa däl, eýsem, olara-da degişlidir. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa, Bütindünýä tatarlar kongresine we ähli guramaçylara minnetdarlyk bildirýärin. Bize, tatar gyzlaryna, öz halkymyzy we dilimizi bütin dünýäde wekilçilik etmäge mümkinçilik döredendikleri üçin sag bolsun aýdýaryn» diýip, ýeňiji sylaglamak dabarasynda aýtdy.

Amina Mahmudowa Batyr Zakirow adyndaky Milli estrada sungaty institutynda bilim alýar. Ol aýdymçy hünärini özleşdirmek bilen bir hatarda, wokal mugallymy bolup hem işleýär.

Related posts

Näme üçin howa uçarlaryň aýnalary tegelek?

Hindistanyň Premýer-ministri döwlet sapary bilen Özbegistana bardy

Elektroulaglar üçin batareýa önümçiligine girişer