JEMGYÝET

Günlere

Geçip barýan günler, sizden haýyşym,

Ömür öýle boljak, biraz gyssanmaň!

Düşünýän erteler garaşýandyrlar,

Gitseňiz şu güne bagty gysganmaň!

 

Gyssanmaň siz, pursatlardan ganaly,

Şatlyga gol bersek, günler geňlemez,

Her säherde täze durmuş başlanýar,

Geçen günler, geljek güne meňzemez.

 

Säherleri gadyr bilen garşylaň,

Öýleden agansoň, erteler gelýär,

Günler golun bulap geçip barýarlar,

Aýlar öz ornuny ýyllara berýär.

 

Ykballaň keşbini döretmek üçin,

Ömürler günlere geregin berýär,

Ezelden dünýäniň gurluşy şeýle,

Şu gün ertelere gezegin berýär.

 

Aýjemal GAÝLYÝEWA

 

 

Related posts

Awaza zenanlara bagyşlanan halkara foruma taýýar

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasyndan 200 müň dollarlyk kömek

Taryhda şu gün — 26-njy dekabr

Ata Watan Eserleri