JEMGYÝET

Talybyň haýyşy

Jaň kakýan gelneje, ýüregmi üzdüň,

Kakyp goýber bäş-on minut irrägem.

Gyzyň gözi ýolda, duşuşyp soň men

ýetişmeli sapaklara girmäge.

 

Gyz ýüregi suw bolandyr, bilýärin.

Garaşmakdan ýaňa tamasy üzler.

Begendirip goýber talyby-da sen,

Aşyk ýigit bolýar ekeni dözmez.

 

Egleme, aşygy ugrat ýoluna ,

Gowşursyn ol ýara alan gülüni.

Gymmatlydyr häzir ýeke minut-da,

Towlap goýber ýa sagadyň dilini.

 

Belki şojagaz jaň bagtymy açar,

Ýa toýuma sebäp bolar jaň sesi.

Häzir weli saklama sen ýolumdan,

Bu söýgüde gelenok hiç ýeňlesim.

 

Jaň sesi ýüregmiň urgusy bolup

kakylsa, bir ýola bozulsa düzgün.

Häzir-ä hiç hili ses ýok, ümsümlik,

Jaň kakýan gelneje, ýüregm-ä üzdüň.

 

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW

 

Related posts

Oğuzhan Nesli Toy Tuttu

vepa

Burak Çakir: “Türkmenistan – ykdysadyýetiň ösüş döwründe”

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti: Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris