JEMGYÝET

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasyndan 200 müň dollarlyk kömek

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň agzalarynyň mejlisini geçirdi.

Oňa Gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarow, gaznanyň Prezidentiniň kömekçisi Ý.Orazow, Gaznanyň Iş dolandyryjysy K.Babaýew, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa, Gaznanyň hasapçysy Ý.Çernowa, Gaznanyň hukukçysy M.Hojamberdiýewa gatnaşdylar.

Gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine howandarlyga mätäç çagalara keseli anyklaýyş-bejeriş işlerini geçirmek bilen bagly sarp ediş serişdelerini satyn almak üçin 200 müň amerikan dollaryny Gaznanyň pul serişdeleriniň hasabyna tölemek boýunça ýüztutma esasynda Gaznanyň degişli çözgüdiniň işlenip taýýarlanandygy oňa laýyklykda emeli gan aýlanyş şertlerinde açyk ýürekde we endowaskulýar usuly bilen ýürek-damar ulgamynyň dogabitdi kesellerini bejermegi dowam etmek boýunça zerur bolan sarp ediş serişdelerini satyn almagyň, stentirlemek boýunça zerur bolan ezofagointestinal biostentler toplumyny satyn almagyň, şeýle hem ureteral stentler toplumyny satyn almagyň meýilleşdirilendigi barada hasabat berdi we ony türkmen halkynyň Milli Lideriniň garamagyna hödürledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen çözgüdi makullap, degişli resminama gol çekdi.

Ýene-de okaň

Patyşa Karl III: ahalteke bedewleri dünýäde meşhur atlar hasaplanýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Patyşa Karl III bilen duşuşdy

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar