JEMGYÝET

Tejen şäher häkimligi ýatyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Ahal welaýatynyň Tejen şäher häkimligi ýatyryldy.  Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Tejen şäher häkimligi ýatyryldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetine Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri girizmek tabşyryldy.

Ahal welaýatynyň häkimligi Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

 

Ahal welaýaty : dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler

Related posts

Petrol sektörüne 600 milyon dolarlık Joint venture yatırımı

vepa

İhaleler: İtalyan Eni şirketinden satın almalar

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

Leave a Comment