JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitleri nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär.

Ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda hyzmatdaşlyk türkmen-tatar gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz türkmen tarapynyň Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde doganlyk Tatarystan bilen köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen işi mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini aýtdy. Munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen berkidildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli wekilçilikli forum geçiriler. Hormatly Prezidentimiz Tatarystanyň Baştutanyny bu foruma gatnaşmaga çagyryp, munuň iri halkara çäräniň üstünlikli geçirilmegine saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Ýene-de okaň

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler

Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynda 4284 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurulýar

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Azerbaýjanda geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri