JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine bardy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binasynyň eýwanynda oturdylan Täze ýyl arçasynyň ýanynda guralan dabaralara gatnaşýan çagalaryň ýanyna bardy.

Bu ýerde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli çagalaryň şowhunly çykyşlary, belent ruha beslenen aýdym-sazlary ýaýbaňlandyryldy. Şadyýan çagalar Türkmen halkynyň Milli Liderini uly ruhubelentlik, şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Olar özleriniň joşgunly çykyşlary, ajaýyp goşgy setirleri bilen mähriban Watanymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen alnyp barylýan asylly işleriň waspyny ýetirdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bagtyýar çagalary Täze ýyl bilen gutlap, olara baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdy.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Täjigistana bardy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan 2025-nji ýyla gadam basdy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda ÝB-niň resmi wekilhanasynyň açylmagy meýilleşdirilýär

vepa