DÜNÝÄ

2027-nji ýylda GDA-da başlyklyk etmek Özbegistana geçer

2027-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) başlyklyk etmek Özbegistana geçer. Bu barada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde mälim etdi.

«Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2027-nji ýylda başlyklyk etmegiň Özbegistana geçýändigini yglan etmek isleýärin» diýip, ol aýtdy.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň “Awaza” toplumynda geçirilýän hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmegindäki sammite Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy.

Related posts

Täze ulagyny tanyşdyrar    

Gruziýada türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan brifing geçirildi

Girdejisini ekologiýa sarp edýär

Ata Watan Eserleri