MEDENIÝET

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ol Täze ýylyň öňüsyrasyndaky däp bolan baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň biri boldy.

Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş ýerine ýetirijileriň we zehinli çagalaryň arasynda yglan edilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň çäklerinde ýurdumyzda ýaş estrada aýdymçylarynyň dürli bäsleşikleri, şol sanda ýaş ýerine ýetirijileriň döredijilik başlangyçlaryna, işjeňligine täze itergi berýän, täze zehinleri ýüze çykarmaga we goldamaga, olaryň hünär taýdan kämilleşmegine, häzirki zaman milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge ýardam edýän “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigi geçirilýär.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralan şu gezekki bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden tomaşaçylar köpçüliginiň öňünde öz ussatlygyny görkezmek isleýän 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaş estrada aýdymçylary gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşigi birnäçe saýlama tapgyrlarda geçirildi.

Eminler hökmünde çykyş eden teletomaşaçylardyr radiodiňleýjiler SMS we jaň etmek arkaly seslerini bermek bilen, gatnaşyjylaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyna baha berdiler. Bu çäräniň dowamlylygy, oňa giň köpçüligiň çekilmegi jemleýji tapgyra aýdym-saz sungatynyň iň ökde wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etdi. Şolaryň iň zehinlilerinden 10-sy jemleýji tapgyrda çykyş etmek üçin saýlanyp alyndy.

«Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň şertlerine görä, oňa gatnaşyjylar iki aýdymy ýerine ýetirdiler. Emin agza bolup gatnaşýan sahna ussatlarynyň her bir aýdymçynyň sesiniň arassalygyna, owazyna baha berip bilmekleri üçin aýdymlaryň biri sazsyz ýerine ýetirildi. Munuň özi ýaş aýdymçylaryň artistlik ukybyny ýüze çykarmaga ýardam berdi.

Tomaşaçylaryň SMS arkaly iberen sesleri sanaldy. Soňra dabarany alyp baryjylar bäsleşigiň jemlerini yglan etdiler we baýrak gowşurmak dabarasy boldy. Şunlukda, “Ýylyň parlak ýyldyzy” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi Gylyçdurdy Durdyýewe göçme kubok we gymmat bahaly sowgat gowşuryldy.

Baş baýrakdan başga-da, bäsleşikde birinji, ikinji we üçünji orunlar göz öňünde tutuldy. Baýrakly orunlary eýelänleriň ählisine degişli diplomlar, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Beýonse – XXI asyryň aýdymçysy

Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalary ÝUNESKO-nyň sanawyna giriziler