JEMGYÝET

Oguljahan Atabaýewa haýyr-sahawat gaznasynyň Wise-Prezidenti wezipesine bellendi

Arkadag şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Oňa Müdiriýetiň agzalary, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa gatnaşdylar.

Mejlisde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan geçen döwürde alnyp barylan işler; Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň kanunçylyk hukuk namalaryna girizilen üýtgetmeler; Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň sarp edilişi; Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan işler hakyndaky hasabatlary diňlenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hasabaty diňläp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini kämilleşdirmek hakynda karara hem-de Gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular Geňeşi hakynda Düzgünnama gol çekdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri kada-kanunçylyga laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasyny hem-de Müdiriýetiniň düzümini öz karary bilen tassyklaýandygyny aýdyp, degişli resminamalara gol çekdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça Wise-Prezidenti wezipesine Oguljahan Atabaýewanyň teklip edilýändigini aýdyp, onuň bu wezipede işini nähili alyp barjakdygy bilen gyzyklandy.

O.Atabaýewa özüne bildirilen ynam üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirip, öz üstüne ýüklenen wezipäni abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallasyny, ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň iş dolandyryjysy wezipesine Hajymyrat Hajymyradowyň teklip edilýändigini belläp, oňa söz berdi.

H.Hajymyradow bildirilen ýokary ynam üçin hoşallyk bildirip, asylly ýörelgeleri esasy ugur edinýän Gaznanyň işini sazlaşykly guramak ugrunda degişli düzümleriň wekilleri bilen bilelikde zerur işleri amala aşyrmak ugrunda tagalla etjekdigini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň media habarlar wekili wezipesine Azat Jepbarowyň teklip edilýändigini aýdyp, onuň bu wezipede işini nähili alyp barjakdygy bilen gyzyklandy.

A.Jepbarow münbere geçip, özüne bildirilen ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda öz ukyp-başarnygyny, tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjy öňe sürýär

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy