DÜNÝÄ

Russiýanyň Federal Ýygnagynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň, Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň başlyklary bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Reglament we parlament işini guramak boýunça komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda myhmanlar ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda  köptaraplaýyn häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek barada pikir alyşmalar boldy.

Russiýanyň Parlamentiniň wekiliýeti Türkmenistan  bilen Russiýanyň arasynda parlamentara gatnaşyklary berkitmäge we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga, ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklary has-da ösdürmäge rus tarapynyň taýýardygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň parlamentleriniň wekilleri dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmek  hem-de döwletleriň arasyndaky ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldajakdyklaryny bellediler.

Ýene-de okaň

BMG kiberjenaýatçylyga garşy konwensiýasy kabul etdi

Lukaşenko we 4 dalaşgär prezidentlige dalaş eder

GDA-nyň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçiriler

Ata Watan Eserleri

Prezidenti we Premýer-ministri zenan bolan ýurt

Türkmenbaşy şäherinde Gazagystanyň konsullygynyň täze binasy açyldy

Ata Watan Eserleri

1-10-njy ýanwar aralygynda Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl dabaralary guralar