DÜNÝÄ

Toyotanyň satuw rekordy

Awtomobil önümçiligi bilen indi onlarça ýyldan bäri Ýer ýüzünde uly meşhurlykdan peýdalanýan “Toyota” awtokonserni 30 trilýon ienlik (272 milliard dollar) söwda bilen Ýaponiýanyň kompaniýalarynyň arasynda rekordy täzeledi. Hasabat döwri 2018-nji ýylyň 31-nji martyndan 2019-njy ýylyň şol gününe çenli aralygy öz içine alýar.

Maglumatlara görä, “Toyotanyň” satuwdaky ösüşi 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,9 göterim ösüş gazandy. Yzda galan bir ýylyň içinde kompaniýa dünýä boýunça jemi 10,6 million awtoulag satdy. Satylan ulaglaryň möçberi 2017-nji ýyldakydan 1,6 göterim kän.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy