SIZDEN GELENLER

Sagdyn jemgyýet — sagdyn geljek

Eşretli durmuşyň hözirini görýän bagtyýar halkymyz sagdyn durmuş kadalaryna eýermekligi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe esasy durmuş ýörelgesine öwürdi diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Ösüşli ýoly dowamat-dowam bolýan eziz Diýarymyzyň şäherlerinde, şäherçelerinde, obalarynda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen, ähli amatlyklary özünde jemleýän saglygy goraýyş we sport desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmeginiň mysalynda hem raýatlaryň saglygyny goramaklygyň we berkitmekligiň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň jemgyýetimizde giň gerimde ýaýbaňlanmagyny gazanmaklygyň döwlet syýasatynda esasy üns berilýän ugurlaryň biridigine göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan şeýle beýik işleriň netijesinde hem bu günki gün ýurdumyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany diýlip ykrar edildi.

Şanly ösüşlere, beýik ýeňişlere beslenýän ata Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň işi barha kämilleşdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde, ilatyň saglyk abadançylygy üpjün edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň: «Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi. Keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri işe ornaşdyrmakda gowy netijeler gazanyldy. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde dünýä bileleşigi, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işler amala aşyryldy. Netijede, ilatyň saglyk ýagdaýy gowulandy, adam ömrüniň ortaça dowamlylygy artdy.

2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly milli strategiýa, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça Milli maksatnama, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça Milli strategiýa, «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» kabul edilip, saglygy goraýyş ulgamynyň işi has-da kämilleşdirildi» diýip belleýşi ýaly, milli saglygy goraýyş ulgamynda giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirildi. Bu babatda welaýatymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işler hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy» diýen dürdäne setirleri durmuşda ynsan üçin saglygyň ilkinji zerurlykdygyny görkezýär. Ähli nygmatlardan ýagşy hasaplanýan saglyk mazasy durmuşyň, dünýäniň ýakym-ýaraşygydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, 2021-nji ýylyň martynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy lukmançylyk edaralaryna we näsag çagalara hemmetaraplaýyn hemaýat etmek arkaly, bu ugurda uly işleri durmuşa geçirýär. Gaznanyň hasabyna ýurdumyzyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglarynyň sowgat berilmegi sahawatly işleriň giň gerime eýe bolýandygynyň nyşanyna öwrüldi. Şeýle hem gaznanyň hasabyna birnäçe çagalarda çylşyrymly operasiýalaryň geçirilmegi, olaryň saglygynyň dikeldilmegi halkymyzyň ajaýyp döwrümiziň eşretlerine bolan hoşallygyny has-da artdyrdy. Ýeri gelende bellesek, milli saglygy goraýyş ulgamynda amaly lukmançylygyň tejribeleriniň halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi bilen, yzygiderli esasda kämilleşdirilmegi ýurdumyzda çylşyrymly operasiýalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam etdi.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň  üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde, ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, keselleriň öňüni alyş çäreleri hem yzygiderli alnyp barylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen ulanmaga berlen welaýat köpugurly we onkologiýa hassahanalarynda döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň kömegi bilen dürli keselleriň öňüni almaga ähli mümkinçilikler döredilendir. Şeýle hem bu lukmançylyk enjamlaryna erk edýän hünärmenleriň daşary ýurtlarda kämilleşdiriş okuwlarynda bolandygyny hem aýratyn nygtamak gerek.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň işiniň üstünlikli ýola goýulmagy ulgamyň senagat mümkinçilikleriniň barha artýandygyny görkezýär. Döwrebap kärhananyň ilkinji önümleriniň welaýat köpugurly hassahanasyna gelip gowuşmagy şanly ýylyň taryhy wakalarynyň birine öwrüldi.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda milli saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň düzümini öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda kämilleşdirmek, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak üçin zerur şertleri döredýäris» diýip nygtaýan, sagdyn jemgyýetiň kemala gelmegi ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Merjen Durdyýewa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy. 

 

Ýene-de okaň

Bitaraplyk – parahatçylygyň gözbaşy

“Hakyda göwheri” – milli mirasyň sarpasy

Türkmenistan-TÜRKSOÝ: köpugurly hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Saglyk ulgamynda sanly mümkinçilikler

Ulag diplomatiýasynyň dabaralanýan forumy

Saglyk — baş baýlyk

Ata Watan Eserleri