SPORT

“Barselona” 50 ýyldan soňra ýeňildi

Ispaniýanyň milli çempionatynyň 15-nji tapgyrynda “Barselona” topary öz meýdançasynda “Las-Palmas” toparyny kabul etdi. Bu duşuşykda garaşylmadyk netije gazanyldy.

Birnäçe gün mundan ozal, 125 ýyllyk ýubileýini bellän “Barselona” topary öz meýdançasynda çempionatyň soňky basgançaklarynda barýan “Las-Palmas” toparyndan 2:1 hasabynda ýeňildi.

Şeýlelikde, “Barselona” topary 53 ýyldan soňra bu topardan ýeňildi. Mundan ozal, “Las-Palmas” topary 1971-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda “Barselona” toparyny 2:1 hasabynda utupdy.

Katalon opary 34 utuk bilen Ispaniýanyň çempionatynda birinji orunda barýar. “Las-Palmas” topary 15 utuk bilen 14-nji orunda durýar.

“Barselona” topary 7-nji dekabrda “Betis” topary bilen, “Las-Palmas” bolsa, “Walýodalid” topary bilen duşuşar.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy